ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy internet birikdirmek boýunça tender yglan edýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 3 aýlyk – 01.02.2020-30.04.2020, 70 Mbit/s tizlikli internet birikdirmek boýunça söwda tekliplerini bermek üçin üpjün edijileri çagyrýar.

Ilçihana iň arzan nyrh boýunça adalatly söwda tekliplerini berjek jogapkär kompaniýa bilen satyn almak boýunça Şertnama/Buýurma baglanyşmagy göz öňünde tutýar.

Şertnama/Buýurma başdaky nyrha esaslanýar, nyrh geňeşmesi gerek ýagdaýynda bäsdeş kompaniýalaryň arasynda geçirileip bilner.

Üpjün edijiler öz tekliplerini 2020-nji ýylyň 17-nji ýanwaryna ýerli wagt bilen 17.00 çenli görkezilen elektron salga ugradyp bilerler.

Elektron salgysy: AshgabatPROCUREMENT@state.gov;

Türkmenistan, Aşgabat ş.

Internet salgysy: https://business.com.tm/

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *