“Demirýollary” AGPJ material tehniki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aşakdaky lotlar boýunça material tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № DÝ/AGPJ-003 açyk halkara tender yglan edýär:

Lot № 1 – Teplowozlar üçin materiýallar we atiýaçlyk şaýlary.

Lot № 2 – Radioaragatnaşyk serişdeleri.

Lot № 3 – Ölçeg wagonlarynyň we demirýol tehnologiýasynyň ätiýaçlyk şaýlary, teleskop kranlary we sinklenen troslar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler:

bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
bäsleşige gatnaşmak üçin bir lotuň bahasy 575 amerikan dollary möçberde (şeýle hem 75 amerikan dollary GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1106 we 1108 otaglarda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 38-31-04, 39-05-05; faks: 38-31-04.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 7

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *