“PETRONAS Çarigali Turkmenistan” inspektirleme hyzmatyny bermek boýunça tender yglan edýär

“PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy kompaniýalary (P-RBI) hereketsiz enjamyň töwekgelligini hasaba almak bilen inspektirleme hyzmatyny bermek boýunça № PCT/TOD/2019/001 tendere gatnaşmaga çagyrýar.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

tendere gatnaşmak üçin arza(tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
Türkmenistanda ýazga alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
degişli iş tejribesiniň sanawy.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap iş wagtlarynda 14 (on dört) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Elektron salgysy: tender_secretarytkm2@petronas.com.my;

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81

Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *