“Türkmengaz” potratçylary saýlap almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan “RMG USZ08-6P”, “Krohne Altsonic V-12” we “Magnetrol Thermatel TA2” enjamlaryna laboratoriýa şertlerinde barlag işlerini geçirmek hyzmatyny bermek üçin potratçylary saýlap almak boýunça halkara tenderiniň möhletini uzaldýar.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;
Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşige gatnaşmak üçin bukja almaly.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; faks (+99312) 40-32-54.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56

Internet salgysy: https://business.com.tm/

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *