“Türkmenstandartlary” barlaghana enjamlaryny we stendleri satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralarda daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri satyn almak boýunça BÄSLEŞIGI gaýtadan yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Daşary ýurtlardan getirilýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny synag edýän barlaghana enjamlar toplumlaryny we stendleri satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler 2020-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 30 (otuz) iş gününe çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-25-03, 39-25-16; faks: (+99312) 95-72-98.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 201

Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *