Mary welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

14.01-16.02.2020
Mary welaýat häkimligi Murgap etrabynyň Birleşik geňeşliginiň Birleşik obasynda 500 orunlyk orta mekdebiň, Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 10000 m3 lagym suw arassalaýjy desganyň, Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25000 m3 suw arassalaýjy desganyň, Oguzhan etrap merkezinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15000 m3 suw arassalaýjy desganyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:

gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşik teklipleri şu ýylyň 6-njy fewralyna çenli her gün sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 8(522) 6-06-21, 6-00-34, (faks) 6-77-13.

Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary ş.

Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *