Senagat we kommunikasiýa ministrligi awiasiýa ýangyjy we ýagy bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

14.01-25.02.2020
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi В-91/115 belgili awiasiýa ýangyjy we “Aeroshell oil W120” belgili awiasiýa ýagy bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildirýän şahslar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine ýüz tutup bilerler, gatnaşmak üçin töleg – 500 amerikan dollary ýa-da şol barabarlykda manat (töleg yzyna gaýtarylmaýar).

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik tekliplerine hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediler.

Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehiki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-00-17/19/21.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132

Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *