“Türkmengaz” kuwwatly turbinalaryň düýpli abatlaýyş işleri boýunça tender yglan edýär

15.01-26.02.2020
“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan “Vectra 40G” modelli iki sany kuwwatly turbinalaryň we “Vectra 30G” modelli bir sany kuwwatly turbinanyň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilerler.

bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri” we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
Yzyna gaýtarmasyzlyk şerti bilen bäsleşige gatnaşmak üçin 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg töläp, bäsleşige gatnaşmak üçin bukja almaly.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40; 40-32-50; 40-31-22, faks (+99312) 40-32-54.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 56

Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *