“Türkmenstandartlary” barlaghana enjamlaryny satyn almak boýunça tenderiň möhletini uzaldýar

14.01-20.02.2020
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralar üçin pagta çig malynyň hil görkezijilerini synag edýän döwrebap barlaghana enjamlaryny satyn almak boýunça öň yglan edilen HALKARA BÄSLEŞIGIŇ möhletini uzaldýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Bäsleşik boýunça teklipler 2020-nji ýylyň 20-nji fewralyna, sagat 18:00-a çenli “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-45; 39-25-06.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Oguzhan köçesi 201

Internet salgysy:https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *