Balkan welaýat häkimligi potratçyny saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Balkan welaýatynda 2020-nji ýylda gurulmaly we durky täzelenmeli medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna potratçyny seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot 1 – Balkanabat şäherinde 180 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy.

Lot 2 – Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinde 180 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy.

Lot 3 – Gumdag şäherinde 160 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy.

Lot 4 – Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.

Lot 5 – Serdar şäherinde 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.

Lot 6 – Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesinde 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.

Lot 7 – Bereket etrabynyň Bereket şäherinde 500 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.

Lot 8 – Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşyjylar aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşigiň teklipleri 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 2-01-04, 2-01-15, 2-01-16 faks.

 Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly 14
Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *