22.01.2020 04.03.2020 “Türkmenstandartlary” synag ölçeg abzallaryny satyn almak boýunça tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lotlar boýunça nusgalyk synag ölçeg serişdelerini satyn almak üçin Bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Lot №1 – Dürli görnüşli çelekleri (rezerwuarlary) deňeşdirip barlamak üçin nusgalyk elektron taheometr ýa-da lazerli skaner.

Lot № 2 – Ýagtylyk ölçeýjileri we lýuksmetrleri deňeşdirip barlaýan nusgalyk synag enjamlar toplumy.

Lot № 3 – Dürli görnüşli termometrleri deňeşdirip barlamak üçin niýetlenen nusgalyk sanly termometr.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Bukjada synag ölçeg enjamlary satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 95-73-49; 95-73-48, 95-73-47.

 Türkmenistan, Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201
Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *