Balkan welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji aprelindäki “Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky” 1206 belgili Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obada gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna potratçyny seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot 1 – Geňeşiň edara binasy.

Lot 2 – Polisiýanyň we ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binasy.

Lot 3 – 260 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep.

Lot 4 – 160 orunlyk çagalar bagy.

Lot 5 – 200 orunlyk medeniýet öýi.

Lot 6 – Saglyk merkezi.

Lot 7 – Oba barýan hem-de obanyň içerki ýollary, gaz, agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary.

Lot 8 – Agyz suwuny süýjediji desga.

Lot 9 – Lagym suwlaryny süzüji meýdança, lagym sorujy beket.

Lot 10 – 32 sany 1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýy.

Lot 11 – Gurulýan elektrik stansiýasyndan oba barýan we obanyň içerki elektrik ulgamlary.

Lot 12 – Seýilgäh.

Lot 13 – 1 gatly, 4 otagly we 1 gatly, 3 otagly ýaşaýyş jaýlary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşyjylar aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşigiň teklipleri 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800222) 2-01-04, 2-01-15, 2-01-16 faks.

 Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., Gurbansoltan eje şaýoly 14
Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *