“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy enjamlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy milli manatda ““Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň Goturdepe önümçilik hyzmat bazasyndaky ýöriteleşdirilen tehnikalar bejerilýän garažyň binasyny taýýarlamak” we “Goturdepedäki nebiti gazyp alyş enjamlary saklanýan ammarlarda tekjeleri taýýarlamak, üpjün etmek we gurnamak” boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • tenderiň düzgünlerini almaly (görkezilen salgyda şahsy gowşurma).

Tehniki-söwda teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 15 (on bäş) günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366.

Elektron salgysy: filial_turkmen@mail.ru; b.halilulin@mail.ru;

 Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat, T.Satylowa köçesi, 59
Internet salgysy:  https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *