“Türkmenhimiýa” synag-tejribe desgalarynyň gurluşygy boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan Balkan welaýatyndaky “Balkanabat” ýod zawodynyň düzümindäki her biriniň kuwwatlylygy 60 tonna bolan 2 (iki) tehniki ýod öndürýän synag-tejribe desgalarynyň tapgyrlaýyn gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 4025,0 (dört müň ýigrimi bäş) manat töleg töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 39-01-02, 39-01-58; faks: 39-01-72.

Elektron salgysy: turkmendokun@mail.ru;

 Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *