25.01.2020 07.03.2020 Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi derman serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Lot № 1 – Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrylyşy boýunça derman serişdelerini satyn almak.

Lot № 2 – Tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdelerini satyn almak.

Lot № 3 – Balkan welaýatynyň Köpugurly hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Lot № 4 – Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefony: 40-04-79.

 Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *