Gurluşyk 25.01.2020 25.02.2020 Lebap welaýat häkimligi gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Lebap welaýat häkimligi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyna” laýyklykda, aşakda görkezilen sanaw boýunça gurluşyk işlerinde tejribesi we ygtyýarnamasy bolan gurluşyk guramalary we hususy kärhanalary tendere gatnaşmaga çagyrýar:

1. Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň Hojakenepsi daýhan birleşigindäki saglyk öýüniň durkuny täzelemek;

2. Çärjew etrabynyň B.Mürzäýew adyndaky geňeşligiň B.Mürzäýew adyndaky daýhan birleşigindäki saglyk öýüniň durkuny täzelemek;

3. Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan daýhan birleşigindäki saglyk öýüniň durkuny täzelemek;

4. Türkmenabat şäherinde 400 orunlyk orta mekdep gurmak;

5. Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan daýhan birleşiginde 400 orunlyk orta mekdep gurmak;

6. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň durkuny täzelemek.

Lebap welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda gol çeken “Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky” № 1161 Kararyna laýyklykda, aşakda görkezilen sanaw boýunça gurluşyk işlerinde tejribesi we ygtyýarnamasy bolan gurluşyk guramalary we hususy kärhanalary tendere gatnaşmaga çagyrýar:

Saglyk öýleri:

1. Saýat etrabyndaky täze şäherçede saglyk öýüni gurmak;

2. Halaç etrabyndaky täze şäherçede saglyk öýüni gurmak;

3. Kerki etrabyndaky täze şäherçede saglyk öýüni gurmak;

Orta mekdep:

4. Çärjew etrabyndaky täze şäherçede 640 orunlyk (№ 1) orta mekdep gurmak;

5. Çärjew etrabyndaky täze şäherçede 640 orunlyk (№ 2) orta mekdep gurmak;

6. Saýat etrabyndaky täze şäherçede 640 orunlyk (№ 1) orta mekdep gurmak;

7. Saýat etrabyndaky täze şäherçede 640 orunlyk (№ 2) orta mekdep gurmak;

8. Halaç etrabyndaky täze şäherçede 640 orunlyk (№ 1) orta mekdep gurmak;

9. Halaç etrabyndaky täze şäherçede 640 orunlyk (№ 2) orta mekdep gurmak;

10. Kerki etrabyndaky täze şäherçede 640 orunlyk orta mekdep gurmak;

Çagalar bagy:

11. Çärjew etrabyndaky täze şäherçede 320 orunlyk (№ 1) çagalar bagyny gurmak;

12. Çärjew etrabyndaky täze şäherçede 320 orunlyk (№ 2) çagalar bagyny gurmak;

13. Saýat etrabyndaky täze şäherçede 320 orunlyk (№ 1) çagalar bagyny gurmak;

14. Saýat etrabyndaky täze şäherçede 320 orunlyk (№ 2) çagalar bagyny gurmak;

15. Halaç etrabyndaky täze şäherçede 320 orunlyk (№ 1) çagalar bagyny gurmak;

16. Halaç etrabyndaky täze şäherçede 320 orunlyk (№ 2) çagalar bagyny gurmak;

17. Kerki etrabyndaky täze şäherçede 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak;

Medeniýet merkezi:

18. Çärjew etrabyndaky täze şäherçede 200 orunlyk medeniýet merkezini gurmak;

19. Halaç etrabyndaky täze şäherçede 200 orunlyk medeniýet merkezini gurmak;

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993422) 3 20 47; 3 25 16; (faks) 3 00 41.

 Türkmenistan, Lebap welaýaty
Internet salgysy: https://business.com.tm

Pikiriňizi goşuň

Siziň email salgyňyz görkezilmeýär. Hökmany doldurylmalylary *