info@aktam.biz/+99312754205

Şertler we ýagdaýlar

  1. Şertler we ulanmagyň düzgünleri bilen razylaşmak
    Aktam Hojalyk Jemgeyýeti websaýty aktam.biz salgyda ýerleşýär.
  2. aktam.biz websaýtynyň hyzmatlary tölegsiz bolup, şu aşakda görkezilen düzgünler bilen razylaşmak hokmanydyr:

2) Websaýtyň hyzmatlarynyň düşündirilişi

  1. a) Sorag-jogap

Aktam Hojalyk Jemgeyýeti aktam.biz websaýty onlaýn söwda katalogynyň B2B söwda hyzmat görnüşini öz ulanyjylaryna hödürleýär.

  1. b) Gurallar

aktam.biz websaýtynda öz ulanyjylaryny beýleki ulanyjylar bilen meselem onlaýn dükanyň administratory bilen göniden-göni habarlaşmak üçin mümkinçilik döredilen. Bu hyzmaty ulanylanda görkezilen ähli kadalary we düzgünleri doly berjaý etmeli. Düzgünler we kadalar berjaý edilmedik ýagdaýynda ol ulanyjy şu web saýtdan ulanmaklyk hukugyndan aýrylýar.

ç) Onlaýn-söwda

aktam.biz websaýtynda onlaýn söwda etmek üçin ýazga alynmak şerti hökmanydyr.

3) Hyzmatlary ulanmak

      Aktam Hojalyk Jemgeyýetiniň aktam.biz websaýtynda alnyp barylýan ähli söwda hyzmatlary hukuk tarapyndan öz işi alyp barmaklyga hukuklydygyny belli edýär we kepillendirýär hem-de harytlaryň marketolog kanunlaryna laýykdygyny belleýär.

aktam.biz websaýtynyň ulanyjysy özi barada doly maglumatyň dogrydygyna we olar täzelenen ýagdaýynda olary täzelejekdigine borçludyr.

Bu websaýtyň her bir ulanyjysy websaýtyň düzgünlerine garşy geljek hereketleri etmeklikden gaça durmaklyga borçlydyr we onuň iş alyp barşyna goşulmaklyga hukugy ýokdur.

Bu web saýtyň ähli ulanyjylary hyzmatlardan peýdalanan wagtynda hiç hili düzgünleri bozmaýanlyklaryndan özleri habarly bolmaly.

Ulanyjynyň websaýtda hukukly däl hereketleri:

4) Şahsy syýasat we şahsy maglumatlary goramak

aktam.biz websaýty Siziň şahsy maglumatlaryňyzyň we şahsy syýasatyň möhümdigi hakynda düşünýär.

Aktam.biz platformanyň şahsy syýasaty öz içine ulanyjylar, ýagny işgärler, satyjylar we müşderiler ýa-da myhman ulanyjylar barada belli bir şahsy maglumatlary jemleýär we ony gerek ýerinde ulanýar.

Bu saýtyň şahsy syýasaty bu platformanyň ykjam telefonlardan ulanylan ýagdaýynda hem degişli bolup durýar. Ulanyjylardan ýygnalýan şahsy maglumatlar hakynda doly maglumat almak isleseňiz ýa-da web saýtyň şahsy syýasaty hakynda doly bilmek isleg bildirseňiz bize ýüz tutup bilersiňiz.

Hat-da Siziň şahsy maglumatlaryňyzyň ulanyşy barada sorag ýa-da şüwhe ýüze çykan ýagdaýynda hem bize ýüz tutup bilersiňiz.

Bu maglumatlaryň şahsy syýasaty bu websaýtyň ähli dil görnüşlerine degişli.

5) Ykrarnama

aktam.biz websaýtynda öz kompaniyasyny mahabatlandyrýan hususy kärhanalar özleri barada maglumatlary, ýagny kompaniýanyň logosyny we beýleki maglumatlaryny mugt doly ulanmaga hukugyny berýär. Bu hukugyň möhleti şol mahabatlandyrmanyň möhletine deňdir.

aktam.biz websaýtynyň katalogynda çap edilen mahabatlandyrmalary bar bolan kompaniýalar ýokarda agzalyp geçilen hukuklary berip özleri hem bu websaýtda mahabatlandyrma çap edilmeklige hukuk gazanýarlar we bu websatyň ulanyjylaryna üçinji şahs hökmünde hiç hili zyýan ýetirmejeklerini kepillendirýärler.

6) Intellektual eýeliçiliginiň hukuklary

Bu websaýtda görkezilen Aktam Hojalyk Jemgeyýetine degişli ähli intellektual eýeçilik, ýagny logotipler, ähli tekst, ähli grafika, söwda belgiler we animasiýalar diňe Aktam hususy kärhanasyna degişli bolup durýar, üçinji şahslaryň maglumatlaryndan başgasy.

aktam.biz websaty öz işini alyp dünýäniň ähli döwletlerinde we ähli mahabatlandyrmada häzir we hemişelik ulanylmak üçin ähli hukuklar goralan.

Öz maglumatlar goruň üçin aktam.biz websaýtynyň salgylaryny we maglumatlaryny ulanmaklyklyga ulanyjynyň hukugy ýok, has-da ýörite maksatlar üçin maglumatlar goruny döretmek gadagan.

Sorag-jogap üçin döredilen maglumatlar gory üçin bu websaýtyň hyzmatlarynyň sanawy hukuk tarapyndan goralýanlygyny ulanyjy bilmeli we şu aşakdakylardan gaça durmaly:

7) Jogapkärçilik

aktam.biz websaýtynda mahabalandyrmasyny çap edýän hususy kärhanalar ýa-da şahslar bu mahabatlandyrmada ýerleşýän maglumat barada jogapkärçiligi doly öz boýunlaryna alýarlar.

Sebäbi Aktam Hojalyk Jemgyýetiniň  aktam.biz saýty bilen baglaynyşykly ähli websaýtlary doly barlap bilmejekdigini aýdýar we her bir haryt, hyzmat ýa-da maglumat hakynda hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.

Şonun bilen bilelikde ulanyja şol bellenilen ýagdaýlarda göni ýa-da gytaklaýyn şikes ýetirrilende Aktam Hojalyk Jemgeyýeti hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.

aktam.biz websaýtyndan maglumatlaryňyz belli bir sebäplere, ýüze çykan ýalňyşlyklar sebäpli ýitmekligine Aktam Hojalyk Jemgeyýeti öz boýnundan ähli jogapkärçilikleri aýyrýar.

aktam.biz websaýtynyň käbir sahypalary Aktam Hojalyk Jemgyýeti bilen hiç hili şertnama bolmadyk kompaniýalaryň internet salgylaryny saklaýar.

Aktam Hojalyk Jemgeyýeti ulanyjylara her bir ulanýan internet sahypalarynyň şahsy syýasaty bilen giňden tanyşmaklygy  we ol sahypalarda saklanyljak maglumatlar hakynda doly öwrenmekligi maslahat berýär.

Hiç hili ýagdaýda Aktam Hojalyk Jemgeyýeti beýleki hususy kärhanalar, telekeçiler bilen ulanyjylaryň arasyndaky alnyp barylýan işe jogapkärçilik çekmeýär. Bu gatnaşyklarda Aktam hususy kärhanasy üçinji şahs bolup hyzmat edýär.

8) Howpsuzlyk

Hususy kärhana doly howpsuzlyk barada kepillendirip bilmeýär, sebäbi internediň özi açyk tor bolup, belli bir howplaryň bolýanlygy mälimdir.

Ýöne şahsy syýasat bilen baglanyşykly internet howplardan şahsy syýasatynyň kadalaryna laýyklykda goralýanlygy barada kepillendirip biler.

Eger ulanyjy tarapyndan websaýtyň işiniň alnyp barmaklygyna her dürli böwet döredilen ýagdayynda Aktam hususy kärhanasy hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.

Şu websaýtyň ulanyjysy şu ýagdalaryň ählisini bilen razylaşýanlygyna we olar bilen tanyşanlygyny görkezýär.

Ulanyjy öz ulanyjy maglumatlaryny we parolyny ýaşryn saklamadygyna borçlanýar.

Olaryň ulanyjy adynyň ulanmagy diňe şol ulanyjy tarapyndan ulanylan diýlip kabul edilýär.

9) Enjam we birikmek üçin tölegler

Bu websaýta birikmek üçin özüne şertler döretmekligi ulanyjynyň özi jogapkärdir.

Enjam, birikmek we alyş-çalyş, ýagny websaýtyň hödürleýän hyzmatlaryny ulanmak üçin ähli çykdaýlar ulanyjynyň özi jogapkär.

Hat-da ulanyjy öz maglumatlaryny goramak üçin özi jogapkär, ýagny gerek bolan programma üpjünçüligi we enjamyň gorag programmalary we ýitgiden gorap saklamak üçin ähli şertleriň döredilmegi.

Birikmek üçin ulanyjynyň özi doly jogapkärçilik çekýär.

10) Razylaşyk

Aktam Hojalyk Jemgyýeti öz aktam.biz websatynyň işini (käbir hyzmatlarynyň alnyp barylyşyny) islendik wagt öňünden duýdurmak (30 gün) şerti bilen saklap bilmeklige hukugyny saklaýar.

Aktam hususy kärhanasy öz aktam.biz websatynyň her bir ulanyjysynyň ulanmak şertini bozan ýagdaýynda ýa-da umumy düzgünleri bozan ýagdaýynda websaýty ulanmak mümkinçilikden doly aýyrmaklyga hukuklydyr.

11) Ulynyjy möhletine girilýän we onuň tamamlanýan wagty

Ulanyjynyň möhlete girýän wagty onuň aktam.biz websaýtyna ýazga alynyn wagtyndan dowam edýär.

Ulanyjy ýazga alynanyndan soňra ulanyjy hukuklaryny gazanýar.

Websaýtda ähli edilen hereketler şol ulanyjy ady boýunça görkezilýär.

12) Müşderilere hyzmat etmek

Aktam Hojalyk Jemgyýeti müşderilere hyzmaty aktam.biz@gmail.com address arkaly amala aşyrýar.

13) Ýuridiksiýany ele almak we dawalary sazlamak

Aktam Hojalyk Jemgyýeti ulanyjylaryň we aktam.biz websaýtynyň arasynda ýüze çykan ähli dawalaryň sazlanyşygy parahatçylygyň üsti bilen amala aşymagy goldaýar.