info@aktam.biz/+99312754205

Web Saýtyň Şahsy Syýasaty

Bellik: aktam.biz websaýtynyň hususy syýasaty bu saýtyň hyzmatlary, ýagny harytlaryň hem-de hyzmatlaryň maglumatlary hakynda.

Biz Siziň şahsy maglumatlaryňyzyň we şahsy syýasatyň möhümdügi hakynda düşünýäris.

Ak Tam Hojalyk Jemgyýetiniň bu web platformasy B2C (müşderiler üçin işewürlik) bolup satyjylary we müşderileri birleşdiriji hyzmatlary alyp barýar. Platforma işewürlik –tranzaksiýalary üçin  niýetlenen şonun üçin hususy kärhanalar we şahsy niýetler üçin ulanmak bolar.

Ak Tam Hojalyk Jemgyýetiniň platformasynyň şahsy syýasaty öz içine ulanyjylar, ýagny işgärler, satyjylar we müşderiler ýa-da myhman ulanyjylar barada belli bir şahsy maglumatlary jemleýär we ony gerek ýerinde ulanýar.

Bu saýtyň şahsy syýasaty bu platformanyň ykjam telefonlardan ulanylan ýagdaýynda hem degişli bolup durýar. Ulanyjylardan ýygnalýan şahsy maglumatlar hakynda doly maglumat almak isleseňiz ýa-da web saýtyň şahsy syýasaty hakynda doly bilmek isleg bildirseňiz bize ýüz tutup bilersiňiz.

Hat-da Siziň şahsy maglumatlaryňyzyň ulanyşy barada sorag ýa-da şüwhe ýüze çykan ýagdaýynda hem bize ýüz tutup bilersiňiz.

Biziň ýygnaýan şahsy maglumatlar öz içine şu aşakdakylary alýar:

-Siziň bize iberýän maglumatlaryňyz;

Eger Siz belli bir hususy kärhananyň, edaranyň ýa-da belli bir müşderiniň ýa-da satyjynyň işgäri ýa-da görkezijisi bolan ýagdaýyňyzda:

Sizden Platforma ulanyjy hökmünde satyjy ýa-da müşderi görkezijisi hökmünde ýazga alynmak üçin kontakt maglumatlaryňyz, ýagny adyňyz, salgyňyz, telefon belgiňiz, elektron salgyňyz, saýt üçin wezipäňiz (satyjy, müşderi) soralar.

Sizden belli bir indentikasiýa maglumatlary, ýagny salgyt ýazgyňyzyň belgisi ýa-da Siziň işewürlik işiňiz barada maglumatlar hem-de dükanyňyzyň ady ýa-da işewürlik işiňiz hakynda lissenziýaňyz soralar.

Eger Siz satyjy bolsaňyz biz Sizden bu platformalarda satjak harytlaryňyz barada doly maglumat sorarys hem-de Siziň satuwlaryňyz we tranzaksiýalaryňyz hakynda maglumat sorarys.
Eger Siz alyjy (müşderi) bolsaňyz Sizden bu platformadan satyn aljak harytlaryňyz boýunça islegleriňiz hakynda maglumatlary sorarys.

Bu platforma arkaly haryt satyn alanyňyzda töleg görnüşi ýeňleşdirmek üçin kard arkaly tölemek hyzmaty hem gurnaldy. Bu tölegleri amala aşyranyňyzda belli bir soralýan maglumatlary görkezmeli bolar. Bu öz içine bank sçýotyňyzyň nomerini, kartlaryňyzyň nomerini we kardyň işleýän wagtynyň tamamlanýan wagtyny we gorag kodyny hem-de harydy alan bahaňyz hakynda maglumatlary alar.

Bu platforma arkaly söwda edeniňizde näsazlyklaryň, ýagny platforma, harytlar ýa-da hyzmatlar boýunça meseleleriň ýüze çykan ýagdaýynda ählisini doly görnüşinde serediler. Ýene-de ulanyjylaryň ünsüni çeklmeli zatlaryň biri hem müşdderileriň harytlar ýa-da hyzmatlar boýunça meseleler ýüze çykan ýagdaýynda öz nägileligini dükanyň eýesine bildirip bilmegidir we şular ýaly ýagdaýda biz şol belli bir dükan baradaky ähli maglumatlary täzeden işlemeli bolarys. Bu öz içine şu platforma arkaly satyn alynan harytdan soň müşderiniň saglygyna zeper ýetmegi ýagdaýynda platforma üstünden gelýän närazylyklarda platforma dükanyň maglumatlaryna hem-de nägilelik bildirilýän maglumatlara seretmeklige hakly.

Platformalarda çap edilmegine ýa-da görkezilmegine goýýan maglumatlaryňyz Internetiň her bir ulanyjysyna elýeterligi hakynda Siz habarly bolmalysyňyz. Siz her maglumaty çap edilmeklige ýa-da görkezmeklige goýmazdan ozal örän seresaplyk bilen doly barmaklygy maslahat berilýär.

Biziň hökmany suratda ýygnaýan maglumatlarymyz

Eger Siz bilen habalaşanyňyzda (meselem harytlar sahypanyndaky hat-alyşmak ulgamyndan peýdalananyňyzda biz Sizden telefon belgiňizi we elektron salgyňyzy), biz Siziň şahsyýetiňizi anyklamak üçin hatlaryňyzyň nusgasyny sorap bileris.

Biz ulanyjylaryň şahsyýetini anyklamak üçin kontakt maglumalaryny sorap bilers.

Biz ähli ulanyjylaryň platformada ýerine ýetirýän hereketleri barada doly maglumatlary ýygnarys, ýagny transaksiýalar barada hat-da olaryň haryt ýa-da eltip berme hyzmatyna öz nägileligini bildirmek baradaky maglumatlary hem toplarys. Ol agzalyp geçilenlere kontakt şahsyýetiň salgysyny, telefon belgisini, faks we elektron salgysyny öz içine alýar.

Biziň üçinji şahslardan ýygnaýan maglumatlarymyz

Biz Siz hakynda jemgyýetçilik torlardan platformada ýazga alynsaňyz, ol maglumatlary hem ýygnap bileris.

Siz barada haýsy maglumaty ýygnajagymyz Siziň şahsy syýasatyňyzyň gurnamalaryna bagly. Adatça profildäki umumy maglumatlary öz içini alýar:

Siziň ulanyjy adyňyz

Ýurduňyz/ Şäheriňiz/ Etrabyňyz

Siziň profil suratyňyz

Dükanyňyzyň ady

Kontakt maglumatlaryňyz

Biz Siz hakynda maglumatlary Siziň ulanyjylaryňyz ýa-da üçinji şahslardan hem toplap bilers. Bu öz içine Siziň adyňyzy, elektron salgyňyzy, kompaniýa hakynda maglumatlary we kontakt maglumatlary jemleýär.

Eger Siz harydy we platformanyň hyzmatlaryny gözden geçirmek ýa-da bahalandyrmak isleňiz biz Siz hakynda maglumatlary üçinji şahsdan alyp toplarys.

Öz şahsy maglumatyňy ulanmak

Biz Siziň şahsy maglumatlaryňyzy indiki belleniljek maksatlar üçin toplaýarys we ulanýarys:

Siziň şahsyýetiňiziň kimdigini, howpsuzlyk barlagyny geçirme, bu platformanyň ulanyjylarynyň ýazga alynyşygy, serwirs hyzmatlary bilen üpjün etmek, siziň soraglaryňyza jogap bermek we platformalaryň nägileliklerden daşa durmak, platforma arkaly müşderi we satyjynyň hat alyşmagyny ulanamak, transaksiýalary we we Siziň sçýotyňyzdan pul mşçberini geçirmek ýa-da bahalandyrmagy geçirmek, ammar we eltme hyzmaty ýaly hyzmatlary amala aşyrmak, satuwlaryňyzyň taryhyny görmek, platformanyň gurluşyny gowylandyrmagy barlamakda statistiki analizleri geçirmek üçin ulanylýar.

Biz Siziň maglumatlary başga maksatlar üçin hem ulanyp bilers, ýagny ylmy işler we taryhy işler üçin ulanylyp bilner.

Şahsy maglumatlaryň açylyşy ýa-da alyş-berişi

Biz şahsy maglumatlaryny indiki agzaljak kabul edijilere açyp bilers:

Platformanyň başga ulanyjylary, haçan-da harytlary satyn almak boýunça ýeňilleri döretmek ýagdaýynda.

Siziň üpjün edýän hyzmatyňyzdan ulanmagy ýepilleşdirmek üçin Siziň şahsy kontakt maglumatlaryňyzy taraplaýyn iş alyş baryjylar, aktam.biz tarapyndan işe kabul edilenler ýa-da biz bilen bile işleýän hyzmatlary üpjün edýänler bilen gerek bolan ýagdaýynda paýlaşylar.

Biziň işewür konsultantlarymyz, hukuk goraýjy edaralar, ätiýaçlandyryjy edaranyň işgärleri we beýleki dolandyryjy edaralarbilen haçanda öz haklarymyzy goramak ýagdaýy ýüze çykan ýagdaýynda Siziň şahsy kontaktlaryňyz bilen hukuknamalara laýyklykda paýlanyşylyp bilner.

Eger müşderiler satuw amala aşyrmak üçin Siziň kontaktlaryňyz möhüm bolan ýagdaýynda şol belli bir ulanyjynyň razylygy alnyp onuň şahsy maglumatlary bilen paýlaşylar.

Başga bir ulanyja Siziň razylygyňyz bilen.

Biz üçinji şahslar üçin Siziň şahsy maglumatlaryňyzy Siziň razylygyňyz bilen berip bilers.

SAKLAMA

Biz Siziň şahsy maglumatlaryňyzy hukuklanama laýyklykda meselem salgyt bölüminiň we buhgalter hukuknamalarynyň çäginde näçe wagt saklamaly bolsa şoňa çenli saklarys.
Eger hukuknamalara laýyklykda Siziň şahsy maglumatlaryňyzy saklamagyň geregi ýok bolsa biz olary anonimno bozarys ýa-da arhiw görnüşinde ygtybarly ondan beýläk ulanylmajak görnüşinde saklarys.

BIZ BILEN HABARLAŞMAKÇYMY?

Eger-de Sizde şahsy hukuklaryňyz boýunça soraglaryňyz, şüwheleriňiz ýüze çykan ýagdaýynda biz bilen info@aktam.biz elektron salgysy  arkaly habarlaşyp bilersiňiz.